Biziň kompaniýamyza ýagny, "Hazar logistika" hojalyk jemgyýetine, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinden minnetdarlyk haty gelip gowşandygyny buýsanç bilen paýlaşýarys, bu resminamada döwlet komiteti ýurtda sporty ösdürmäge berýän goldawymyz üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýär.
Hususan-da, minnetdarlyk hatynda şeýle diýilýär: "Türkmenistan Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň sport çäreleriniň meýilnamasyna laýyklykda, geçirilýän çärelerde sporty giňden ösdürmekde berýän ýardamlaryňyz we goldawlaryňyz üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýäris hem-de mundan beýläk ýurdumyzda sporty ösdürmekde ikitaraplaýyn ylalaşykly we üstünlikli işleriň dowam etdirilmeginde ynam bildirýäris".
Size, Garaşsyz we Baky Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmeginde, janyňyzy aýaman alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri gazanmagyňyzy we berk jan saglyk arzuw edýäris! Goý, täze Galkynyş we Beýik özgertmeler zamanasynda alyp barýan uly işleriňiz rowaç alsyn.
Biz hemişe sizi geçirilýän köpçülikleýin sport çärelerimizde hormatly myhman hökmünde görmeklige örän şat bolarys ".
"Hazar logistika"hojalyk jemgyýeti Türkmenistan Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine işimize hormat we ýokary baha berenligi üçin çuňňur minnetdarlyk bildirýär. Sporty ösdürmekde we ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmekde has netijeli hyzmatdaşlyga umyt edýäris.
